Aşgabat şäheriniň Zähmet
we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we
telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde 2026-njy ýylyň
5-nji maýynda Aşgabat şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolynyň 81-nji jaýynda
ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň
edara-binasynda sagat 09:00-dan 12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň
hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.
Kärhanalaryň,
guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary
baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny
üpjün etmeklerini;
Işe
ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger
bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen
agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň
salgysy:
Aşgabat şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji
jaýy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara binasy.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
39-34-56;
39-34-64;
39-34-71;
35-12-69;
39-34-76.