Belarusuň işewür wekiliýeti 2026-njy ýylyň 22 – 28-nji maýy aralygynda Aşgabat şäherine iş saparyny amala aşyrar. Bu sapar Belarus Söwda-senagat edarasynyň Minsk bölümi tarapyndan Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde, şeýle hem Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň goldawy bilen guralýar. Bu barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berdi.
Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, wekiliýetiň Türkmenistanyň paýtagtynyň ösüşiniň giň ugurlaryny öz içine alýan «Ak şäherim Aşgabat» atly halkara sergä gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.
Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň meýdançasynda türkmen işewürleri bilen göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak maksady bilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle hem belarus kompaniýalarynyň gyzyklanma bildirýän degişli ýerli kärhanalaryna baryp görmek göz öňünde tutulýar.