Ahal
welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi, Gökdepe etrabynyň zähmet
we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi, 2026-njy ýylyň 13-nji maýynda Gökdepe
etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň edara binasynda sagat
10:00-dan 13:00-a çenli boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini
habar berýär.
Kärhanalaryň,
guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, özlerindäki boş iş
orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň
gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe
ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger
bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen
agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Gökdepe şäheriniň Magtymguly şaýolunyň 75-nji jaýy.
Habarlaşmak
üçin:
+993132 6-00-34.