Türkmenistan bilen Seýşeller Respublikasynyň DIM-leri netijeli gepleşikleri ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler

Aşgabatda 2026-njy ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türkmenistana ilkinji resmi sapary bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Foruň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Diplomatlar iki döwletiň arasynda syýasy-diplomatik gepleşikleriň işjeňleşdirilmeginiň möhümdigini nygtadylar. Bu babatda ýokary we iň ýokary derejedäki özara saparlaryň guralmagynyň esasy görkezijileriň biri bolup durýandygy bellenildi.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler. Hususan-da, bilelikdäki işewürlik forumlaryny, sergileri we ýarmarkalary geçirmek, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, şeýle hem ulag, dokma senagaty we syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar halkara we sebit gün tertibine degişli meseleler barada pikir alyşdylar. Medeni-ynsanperwer ugur, şol sanda bilim, ylym we medeniýet ulgamlary boýunça hyzmadaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy. Şunuň bilen baglylykda, degişli edaralaryň arasynda duşuşyklary guramak hem-de Aşgabat we Wiktoriýa şäherlerinde Medeniýet günlerini geçirmek boýunça teklipler öňe sürüldi.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar Türkmenistan bilen Seýşeller Respublikasynyň arasynda özara bähbitli we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma

bildirýändiklerini tassykladylar.


Yza

Şeýle hem okaň