27-29-njy aprel aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekillerinden ybarat türkmen wekiliýeti hem işjeň gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, forumyň dowamynda emeli aň (AI), 5G/6G aragatnaşyk ulgamlary, "akylly" şäherler (smart city), "ýaşyl" energiýa we sanly ykdysadyýet ýaly möhüm ugurlar boýunça çykyşlar diňlenilip, sergiler guraldy. Foruma gatnaşyjylar täze önümler bilen tanyşmaga, tejribe alyşmaga we hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik aldylar.
Türkmen wekiliýeti forumyň çäklerinde tehnologiýa we sanly ösüş ugurlarynda öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen iş duşuşyklarydyr gepleşikleri-de geçirdi. Olarda sanly infrastruktura, telekommunikasiýa hyzmatdaşlygyny ýola goýmak, emeli aň (AI) we sanly hyzmatlar, “Akylly şäher” çözgütleri (Smart City) — şäher dolandyryşy, Startap ekosistemasy — halkara startap platformalary we tehnologiýa merkezleri bilen ýaş startaplary ösdürmegiň hem-de geljekde bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.