Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew bilen duşuşygy boldy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berildi.
Bellenilişi ýaly, 30-njy aprelde Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň TÜRKSOÝ bilen özara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini, hususan-da, 2026-njy ýyl üçin bilelikdäki iş meýilnamasynyň amala aşyrylyşyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşlikde medeni-ynsanperwer gepleşikleri ilerletmek boýunça hyzmatdaşlygyň we bilelikdäki başlangyçlaryň diňe bir TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň halklarynyň arasynda däl, beýleki döwletler bilen hem parahatçylygy we özara düşünişmegi berkitmäge ýardam edýändigi tassyklandy.
Gepleşikleriň dowamynda bilelikdäki çärelere görülýän taýýarlyk meselelerine seredildi, şeýle hem TÜRKSOÝ-yň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen tagallalar barada pikir alşyldy.
Sultan Raýew şu ýyl Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilen dabaralara, şol sanda ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramçylygyna gatnaşmaga çakylyk berlendigi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.
Duşuşykda Türkmenistanyň TÜRKSOÝ bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy tassyklanyldy.