Aşgabatda geçirilen sergide Hytaýyň awtoulag senagatynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi 30-njy aprelde öz işini tamamlady. Forum iki döwletiň arasyndaky mizemez dostlugyň we hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşany boldy.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar berşi ýaly, forumyň dowamynda ýörite meýdançalarda Hytaýyň awtoulag senagatynyň mümkinçilikleri hem giňişleýin tanyşdyryldy. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri infrastruktura desgalarynyň gurluşygynda Hytaýda öndürilen ýöriteleşdirilen tehnikalaryň işjeň ulanylýandygyny bellemek gerek. Bu babatda hytaý kompaniýalarynyň öndürýän ýükleýji, ýük daşaýjy, beton garyjy we beýleki tehnikalary ýokary kuwwaty hem-de görnüşleriniň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar.

Serginiň çäklerinde Hytaýda öndürilen ýeňil awtoulaglar hem görkezildi. Ýeri gelende, aýtsak, ýurdumyzyň birnäçe işewürleri ýöriteleşdirilen tehnikalary we awtoulaglary getirmekde Hytaý kompaniýalarynyň ýakyn hyzmatdaşyna öwrüldi.


Yza

Şeýle hem okaň