Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi önümçilik meýilnamasyny 3,3 göterim artyk ýerine ýetirdi

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew 1-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisnde gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň geçen dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Nygtalyşy ýaly, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini 109,2 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 100,2 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 103,3 göterim, şol sanda nah ýüplügiň önümçiliginde 102,2 göterim, nah matalaryňkyda 100,5 göterim, gön önümleriniňkide 103,1 göterim ösüş depgini gazanyldy. «Türkmenhaly» döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 107,2 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan hasabat döwründe 97 birža söwdasy geçirilip, olarda 10 müň 136 şertnama hasaba alyndy.

2026-njy ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 119,8 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe 7 sergi, 5 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 108 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 105,8 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlarynda, söwda nokatlarynda halkyň sarp edýän harytlarynyň üpjünçiligini hem-de nyrhlaryny gözegçilikde saklamagyň, ilaty ýokary hilli azyk harytlary bilen üpjün etmek üçin degişli çäreleri durmuşa geçirmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere dokma kärhanalarynyň işini döwrebap ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.


Yza

Şeýle hem okaň