Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mekan Işangulyýew doganlyk döwletiň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, 1-nji maýda geçirilen duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady ulgamda türkmen-türk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de netijeli ösdürmegiň geljegi, şeýle hem häzirki zaman şertlerini nazara almak bilen, işewürlik gatnaşyklaryny diwersifikasiýa etmek boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berdiler. Şunda özara söwda dolanyşygynyň möçberlerini yzygiderli artdyrmak, iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak we işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň hem-de Türkmen-türk işewürler geňeşiniň işiniň, şeýle hem pudaklaýyn sergileriň, bilelikdäki işewürlik forumlarynyň geçirilmeginiň möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy.