Arkadag şäheri Bakuwda geçiriljek Şäherleriň bütindünýä forumynda öz mümkinçiliklerini görkezer

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy, gurulmagy meýilleşdirilýän, gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle hem bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahaty geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Gülşat Mämmedowa bilen bilelikde ýörite ulagda şäheriň metjidiniň çäkleri boýunça alnyp barylýan işleri synlady. Ýolugra bu ýerde alnyp barylýan işler, metjidiň girelgeleriniň we minaralarynyň binagärlik aýratynlyklary, gurluşyk işlerinde ulanylýan serişdeler, olaryň görnüşleri barada giňişleýin maglumat berildi.

Gahryman Arkadagymyz metjidiň çäginde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan muzeýiň daşky bezeg işleri bilen tanyşdy. Milli Liderimiz muzeýiň daşky bezeg işlerinde ýerleşdirilen özboluşly şekilleri synlap, bu babatda «akylly» şäheriň ýolbaşçylary bilen öz pikirlerini paýlaşdy.

Soňra iş maslahatyň dowamynda Orazow hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň ýakyndan goldaw bermeginde Arkadag şäheriniň wekiliýetiniň Baku şäherinde Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy (UN-Habitat) bilen bilelikde geçiriljek Şäherleriň bütindünýä forumynyň 13-nji mejlisine gatnaşmagy babatda döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz Şäherleriň bütindünýä forumynda Arkadag şäheriniň ýeten derejesiniň, «akylly» şäheriň mynasyp bolan halkara güwänamalarynyň ähmiýetiniň degişli derejede beýan edilmelidigini aýdyp, şäheriň gurluşygynda ulanylan täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň onuň halkara giňişlikde giňden ykrar edilmegini gazanmaga ýardam etjekdigini nygtady.


Yza

Şeýle hem okaň