Türkmenistanda TÜRKSOÝ-yň XXVII opera günleri dabaraly bellenildi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 3-nji maýda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) XXVII opera günleri mynasybetli dabaraly konsert geçirildi. Onda Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň opera sungatynyň ussatlary çykyş etdiler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Konsert Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň we Döwlet horunyň ýerine ýetirmeginde Weli Muhadowyň sazyna döredilen «Türkmenistan — bagy-bossan» atly aýdym bilen açyldy. Onda berkarar döwletimiziň gözel keşbi, owadan tebigaty, halkymyzyň abadan durmuşy çeper beýan edilýär. Aýdym tomaşaçylarda uly ruhubelentlik duýgusyny döretdi.

Konsertiň dowamynda dünýäniň, şol sanda türki dünýäniň nusgawy opera sungatynyň naýbaşy eserleri ýerine ýetirildi. Sahna ussatlary, belli dirižýorlar tarapyndan türkmen, özbek, gyrgyz, azerbaýjan, gazak we türk dillerindäki milli operalardan bölekler, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen «Romeo we Julýetta», «Paýasy», «Ykbalyň güýji», «Trubadur», «Karmen», «Faust», «Andre Şenýe», «Granada» ýaly italýan, fransuz, nemes, ispan dillerindäki meşhur ariýalardyr aýdymlar ýokary çeperçilik derejesinde ýerine ýetirildi.

Konsert oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetiren «Funikuli funikula» atly meşhur eseri bilen jemlendi. Bu eser parahatçylygyň, agzybirligiň, dost-doganlygyň senasy bolup ýaňlandy.


Yza

Şeýle hem okaň