Dubaýda 30-njy aprelde Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki ilçisi Baýram Baýramowyň «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş direktory Abdulkarim Al Maazmi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň BAE-däki ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar nebitgaz pudagyndaky uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň iki ýurduň hem giň gerimli ykdysady ösüşine nähili goşant goşýandygyny, şeýle hem tutuş sebitiň energetika howpsuzlygyny berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlary maslahatlaşdylar.
Taraplar kompaniýanyň Türkmenistanyň deňiz ýalpaklaryndaky häzirki amaly işleri üçin durnukly we öňünden çaklap boljak şertleri döretmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Duşuşyk dünýäniň üýtgeýän energetika bazarynyň şertlerinde bilelikdäki taslamalary giňeltmäge taýýar bolan Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaş hökmündäki ornuny ýene bir gezek görkezdi. «Dragon Oil» kompaniýasynyň ýolbaşçylygy hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirdi, bu bolsa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we önümçiligiň möçberini artdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar.