Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa toplumy ýanwar-aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemini jemledi

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň edara binasynda 5-nji maýda 2026-njy ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan maslahat geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 113,8 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz, derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 101 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 102,7 göterime barabar boldy.

Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 106,5 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 124,2 göterime, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 116,8 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bu görkeziji 106,3 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 114,3 göterime barabar boldy.


Yza

Şeýle hem okaň