Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalaryndan, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň hünärmenlerinden ybarat topar 5-nji maýda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Özbegistanyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiklerine hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly maslahata gatnaşmak üçin paýtagtymyzdan ýola düşdüler. Olar bilen birlikde, halkara bäsleşiklere gatnaşdyryljak ahalteke atlary hem ýörite ulaglarda goňşy ýurda äkidildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, irden Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän, 600 bedew üçin niýetlenen athanadan Özbegistanda geçiriljek halkara çärelere gatnaşdyryljak atlar ýörite ulaglara mündürilip, ak ýol arzuw edildi. Döwrebap ulaglar Arkadag şäheriniň Akhan we Gökdepe şaýollary boýunça ýoly dowam etdiler.
Awtoulaglar paýtagtymyzyň ajaýyp köçeleri boýunça hereket edip, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluna düşdüler.
Doganlyk ýurtda atşynaslyk boýunça geçirilýän halkara çärelere ýurdumyzyň wekiliýetiniň uly hormat bilen çagyrylmagy Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda bu pudagy ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň, ýurdumyzyň atşynaslarynyň ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmekde edýän irginsiz tagallalarynyň daşary döwletlerde uly gyzyklanma döredýändigini görkezýär.
«Özbegistanda «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşiklerini geçirmek soňky ýyllarda asylly däbe öwrüldi. Doganlyk ýurtda ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirýän hojalyklar geçen ýyllardaky bäsleşikleriň arzyly myhmanlary boldular. Şu ýyl bolsa dünýä medeniýetiniň bu ajaýyp gymmatlygynyň gadymy mekanyndan — Türkmenistandan ahalteke atlarynyň gatnaşmagy halkara bäsleşigiň derejesini we ähmiýetini has-da artdyrýar» diýlip, habarda aýdylýar.