Balkan welaýatynda Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk ulgamy döwrebaplaşýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 8-nji maýda Balkan welaýatynda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda wise-premýer Batyr Annaýew sebitiň ulag we aragatnaşyk toplumynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň ilkinji dört aýynda welaýatda ýük we ýolagçy gatnawynda ýokary netijeler gazanyldy. Aragatnaşyk ulgamynda öýjükli aragatnaşyk 15,4 göterim, internet hyzmatlary bolsa 13 göterim ösüş görkezdi. Şeýle hem «Oba milli maksatnamasyna" laýyklykda sebitde 185 kilometr optiki-süýümli kabel çekildi.

Awtomobil we howa ulaglarynyň maddy-tehniki binýady döwrebaplaşdyryldy. Balkanabat şäherinde täze awtomenzil we döwrebap awtotürgenleşik meýdançasy işe girizildi. Türkmenbaşy we Balkanabat şäherleriniň halkara howa menzilleriniň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilip, olaryň üstaşyr geçiriş kuwwaty yzygiderli artdyrylýar.

Deňiz ulaglary ulgamynda uly öňegidişlikler gazanyldy. «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda ýurdumyzda ilkinji gezek «Gadamly” atly gury ýük gämisi guruldy we ulanmaga berildi. Bu taryhy waka Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçilikleriniň dünýä derejesine çykandygyny görkezýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, sebitiň logistik mümkinçiliklerini doly peýdalanmagyň wajypdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere howa menzilleriniň we deňiz portunyň işini kämilleşdirmegi, şeýle hem gämigurluşyk taslamalaryny yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.


Yza

Şeýle hem okaň