Türkmenistan we Ýaponiýa ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar

Tokio şäherinde saparda bolýan Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory N.Şyhlyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti 2026-njy ýylyň 12-nji maýynda Ýaponiýanyň ylym, bilim we halkara hyzmatdaşlyk ulgamyndaky wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Türkmen-ýapon ylmy-tehnologik assosiasiýasynyň prezidenti H.Koinuma bilen geçirilen duşuşykda taraplar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda ylym-bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, hususan-da, bilimiň ynsanperwer ugurlaryny ösdürmek, dilleri çuňlaşdyryp öwrenmek, alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmak, hünärmenleri taýýarlamak, KOSEN bilim ulgamyny ýola goýmak, emeli aň (AI) ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça departamentiň direktorynyň orunbasary Ý.Sonoýama bilen geçirilen duşuşykda türkmen ýokary okuw mekdebi bilen JICA-nyň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak, şeýle hem bilim we ylym ulgamynda JICA-nyň maliýeleşdirmeginde ýapon dilini okatmak boýunça hünärmenleriň özara alyş-çalşygyny amala aşyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem JICA tarapy ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny emeli aň boýunça «Maglumat ylymy we emeli aň bilen öz başarnygyňy aç» atly wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek gysga möhletli okuwa gatnaşmaga çagyrdy.


Yza

Şeýle hem okaň