Türkmenistan “BMG – Syýahatçylyk” guramasynyň Ýewropa boýunça Komissiýasynyň 72-nji mejlisine gatnaşýar

Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasydaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň “BMG – Syýahatçylyk” guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Berdimyrat Rejepowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2026-njy ýylyň 12–14-nji maýy aralygynda Maltanyň Sent Julians şäherinde geçirilýän «BMG–Syýahatçylyk» guramasynyň Ýewropa boýunça Komissiýasynyň 72-nji mejlisine gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Mejlisiň gün tertibine laýyklykda gatnaşyjylar syýahatçylyk ulgamynda ählumumy garaýyşlar we sebit çemeleşmeleri, guramanyň işi, Ýewropa boýunça 2025-2026-njy ýyllar üçin iş maksatnamasynyň amala aşyrylyşy, şeýle hem guramanyň agzalary bilen özara hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar.

Mundan başga-da, 2027-nji ýyl-Durnukly we ýaşaýşa ukyply syýahatçylygyň halkara ýylyna taýýarlyk görmek, halkara syýahatçylyk hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de häzirki wagtda dünýä syýahatçylyk pudagynyň ýüzbe-ýüz bolýan häzirki zaman wehimleri aýratyn üns merkezinde boldy.

Türkmenistan halkara jemgyýetçiligiň işjeň gatnaşyjysy hökmünde, BMG-niň Bütindünýa Syýahatçylyk Guramasynyň sekretariaty bilen ýurduň syýahatçylyk mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Özboluşly tebigy gözelliklere, baý medeni-taryhy mirasa, döwrebap binagärlige we innowasion tehnologiýalara eýe bolan Türkmenistan milli syýahatçylyk pudagyny ösdürmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda yzygiderli işleri alyp barýar.


Yza

Şeýle hem okaň