Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 15-nji maýda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow Aşgabat şäheriniň 145 ýyllyk baýramy mynasybetli paýtagtymyzda guraljak dabaraly çärelere görülýän taýýarlyk işleriniň gidişi barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Bellenilişi ýaly, baýramçylyk meýilnamasyna laýyklykda paýtagtymyzda dürli ugurlary öz içine alýan maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, aýdym-sazly dabaralary, sergileri we şäheriň gözel künjeklerine gezelençleri guramak meýilleşdirilýär. Şeýle hem “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda dabaraly konsert guralar.
Şu ýylyň 24-25-nji maýynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXV köpugurly halkara sergi we maslahat geçiriler. Bu halkara çärede ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň, ýerli telekeçileriň we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gazanan üstünlikleri görkeziler. Maslahatyň dowamynda bolsa paýtagtymyzy “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda ösdürmek we bu ugra maýa goýumlary çekmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyklaryň çäklerinde paýtagtymyzyň şaýollaryny, köçelerini we binalaryny abadanlaşdyrmak, arassaçylygy saklamak, şäheri baýramçylyga laýyklykda bezemek hem-de yşyklandyrmak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Wise-premýer amala aşyrylýan çäreler barada döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara serginiň we maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň örän möhümdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýere paýtagtymyzyň şanly baýramyna we şäheriň gününe bagyşlanan medeni çäreleriň ählisiniň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.