HHR-iň Başlygy Si Szinpin Türkmenistana sapar bilen geler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow HHR-iň Başlygy Si Szinpine Türkmenistana sapar bilen gelmäge çakylyk hatyny ugratdy. Munuň özi türkmen-hytaý gatnaşyklarynda täze sahypany açmak bilen, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna badalga berer. Si Szinpin hem döwlet Baştutanymyzyň çakylyk hatyny kabul edip, öz gezeginde, jogap hatyny iberdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

«Siz uzak wagtyň dowamynda hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda tagalla edýärsiňiz, iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlugyň dowam etdirilmegine ägirt uly goşant goşýarsyňyz hem-de dürli möhüm ugurlarda özara hyzmatdaşlyga ýardam edýärsiňiz. Men muňa ýokary baha berýärin. Men hytaý-türkmen hemmetaraplaýyn gatnaşyklarynyň strategik hyzmatdaşlyk ruhunda ösdürilmegine uly ähmiýet berýärin we Siziň bilen ýakyn gatnaşyk saklamaga taýýardyryn. Türkmenistana gelip görmäge çakylygyňyz üçin Size hoşallygymy beýan edýärin. Iki tarap üçin hem amatly bolan wagtda ýurduňyza sapar bilen barmaga taýýardyryn. Iki ýurduň Daşary işler ministrlikleri bu mesele boýunça ýakyn aragatnaşykda bolup bilerler» diýip, Si Szinpin öz hatynda ýazdy.

HHR-iň Başlygy hytaý tarapynyň iki ýurduň arasynda dürli ugurlardaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyny yzygiderli goldaýandygyny belledi.


Yza

Şeýle hem okaň