UN-Habitat Aşgabatda öz taslama edarasyny açmagy meýilleşdirýär

Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly ýerler boýunça maksatnamasy (UN-Habitat) Baku şäherinde geçirilen Bütindünýä şäher forumynda (WUF13) Türkmenistanyň paýtagtynda täze taslama edarasyny açmak mümkinçiligine seredilýändigini mälim etdi. Bu beýanatdan soň, Aşgabat şäheri durnukly şäher ösüşi ugrunda halkara jemgyýetçiligiň üns merkezine öwrüldi. Şeýle başlangyç paýtagtymyzyň sebitde infrastruktura ösüşi, durnukly özgertmeler we halkara hyzmatdaşlygy boýunça möhüm dialog meýdançasy hökmünde ykrar edilýändigini görkezýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Bu wajyp mesele 24-nji maýda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat» (WCA 2026) atly XXV halkara köpugurly serginiň we maslahatyň çäklerindäki ýokary derejeli BMG-niň «tegelek stoluň» başyndaky duşuşygynda esasy ugurlaryň biri bolar. «Ählumumy dialogdan ýerli hereketlere: durnukly, inkluziw we «akylly» şäherleri ösdürmek» diýen mowzukda geçiriljek bu maslahatda şäher ösüşi baradaky halkara maksatnamalary amaly taslamalara, maýa goýumlara we durnukly infrastruktura çözgütlerine öwürmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşylar.

UN-Habitat guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit edarasynyň direktory Irfan Ali häzirki wagtda sebit boýunça 25 ýurtda maksatnamalary utgaşdyrýandyklaryny aýtdy. Ol guramanyň Kiýew, Moskwa, Kosowo we Baku şäherlerinde taslama edaralarynyň hereket edýändigini belläp, ýakyn wagtda Aşgabatda hem täze edaranyň işe başlamagyna uly umyt baglaýandygyny nygtady. Sebitde şäherleşme depgininiň güýçlenýändigini aýdan direktor Aşgabadyň durnukly şäher ösüşi boýunça halkara gepleşikleriň möhüm bölegine öwrülendigini aýratyn belledi.

UN-Habitat tarapyndan Aşgabatda öz edarasyny açmak meselesine garalmagy Türkmenistanyň «akylly» dolandyryş, durnukly şäherleşme we häzirki zaman şäher meýilleşdirilişi boýunça dünýä derejesindäki ornunyň has-da güýçlenýändigini tassyklaýar.


Yza

Şeýle hem okaň