Ermenistanda geçirilen Halkara senetçilik festiwalynda türkmen medeniýeti we sungaty dabaralandy

Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 16-17-nji maýy aralygynda Ermenistan Respublikasynyň Megri şäherinde geçirilen V Halkara senetçilik festiwalyna gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Ýurdumyzyň bagşy-sazandalarynyň çykyşlarynda halkymyzyň aýdym-saz sungatynyň dürdäneleri dünýä ýaýyldy. Nepis amaly-haşam sungatymyzyň eserleriniň sergilenmegi bolsa türkmen halkynyň milli şaý-seplerine, dokma hem el işlerine hormat-sarpasynyň örän uludygyny, şeýle-de bu inçe işleri häzirki wagtda-da senetkärlerimiziň dowam etdirýändigini aýdyň açyp görkezdi.

Festiwala gatnaşyjylar amaly-haşam gymmatlyklarymyz bolan şaý-seplerimiziň, dokma we el işlerimiziň nepisligini, gözelligini haýran galmak bilen synladylar. Halkara senetçilik festiwalynda bagşy-sazandalarymyzyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.


Yza

Şeýle hem okaň