Seulda 2026-njy ýylyň 20-nji maýynda Koreýa Respublikasynyň intellektual eýeçilik ministri Kim Ýon Son bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileriniň arasynda iş duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi Begenç Durdyýew hem gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Ministr Kim Ýon Son Koreýanyň ykdysady ösüşiň esasy hökmünde intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmekdäki tejribesini hödürledi. Ol Merkezi Aziýanyň tebigy baýlyklarynyň koreý tehnologiýasy we bu ugurdaky tejribesi bilen utgaşdyrylmagynyň özara peýdaly hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýandygyna ynam bildirdi. Duşuşyk "Intellektual eýeçilik boýunça Ýüpek ýoluny döretmegiň ilkinji ädimi" diýlip atlandyryldy.
Türkmenistanyň ilçisi duşuşygy gurandygy üçin koreý tarapyna minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistanyň geljekki sammite örän uly ähmiýet berýändigini belledi. Resminamanyň taslamasy barada aýdylanda, ol koreý tarapynyň intellektual eýeçilik boýunça özara düşünişmek şertnamasyna gol çekmek başlangyjynyň türkmen tarapyndan oňyn kabul edilendigini habar berdi.