Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 22-nji maýda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde ilki ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ulgamyny durnukly ösdürmek we Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetini işläp düzmek boýunça alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Hökümetiň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň, ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlarynyň we maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny öz wagtynda taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ministrlikler, pudaklaýyn edaralar we häkimlikler tarapyndan degişli maglumatlary tabşyrmagyň möhletlerini kesgitleýän Kararyň taslamasyny döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, geljek ýylyň Döwlet býujeti taýýarlananda makroykdysady durnuklylygy saklamak, jemi içerki önümiň ösüş depginini üpjün etmek, önümçilige sanly ulgamy ornaşdyrmak hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak esasy maksatlar hökmünde kesgitlenildi. Täze maliýe meýilnamasy düzülende ýurduň hakyky mümkinçilikleri we Prezident maksatnamalarynyň görkezijileri esas edinip alynýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde alnyp barylýan maliýe çäreleriniň netijeliligini nygtady.
Döwlet Baştutany bu ugurdaky işleri geljek ýylda hem ulgamlaýyn dowam etdirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda» Karara gol çekdi we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.