Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentine şanly baýram mynasybetli gutlag iberdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli türkmen halkynyň we Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlag hatyny ýollady. Milli Liderimiz döwlet Baştutanyna berk jan saglyk, uzak ömür hem-de paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky işlerinde uly rowaçlyklar arzuw etdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Gutlagda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwrebap şähergurluşyk konsepsiýasy netijesinde ak mermerli Aşgabadyň dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň birine öwrülendigi aýratyn nygtaldy. Şanly sene mynasybetli guralýan «Ak şäherim Aşgabat» XXV halkara sergisiniň we maslahatynyň, şeýle-de «Soňky jaň» dabarasynyň baýramçylyk bilen utgaşmagy ýaş nesillerde Watana bolan söýgini has-da artdyrýar.

Milli Liderimiz Aşgabadyň Ginnesiň rekordlar kitabyna, ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň bütindünýä toruna girizilmeginiň, BMG-niň «Şäherlerdäki baglar» başlangyjy boýunça halkara güwänama eýe bolmagynyň hem-de GDA tarapyndan «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmeginiň ýurduň abraýyny belende göterýändigini belledi.

Hatyň ahyrynda Aşgabadyň parahatçylygyň, dostlugyň we halkara diplomatiýanyň merkezi hökmündäki ornuny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri döwlet Baştutanyny şanly baýram bilen ýene-de bir gezek gutlady we ak mermerli paýtagtymyzyň bütin dünýädäki şan-şöhratynyň hemişe belent bolmagyny arzuw etdi.


Yza

Şeýle hem okaň