Türkmenistanyň GDA-daky başlyklygynyň Konsepsiýasy BMG-de çap edildi

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy resmi taýdan neşir edildi. Bu möhüm resminama Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň resmi haty hökmünde gün tertibiniň «Birleşen Milletler Guramasynyň we sebit hem-de beýleki guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk» baradaky 126-njy bendi boýunça A/80/722 indeksi bilen halkara giňişlikde ýaýradyldy. Bu barada Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky Hemişelik wekilhanasy habar berdi.

Munuň özi ýurdumyzyň GDA sebitinde özara bähbitli we netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek, şeýle hem dünýäde köptaraply gatnaşyklary, hoşniýetli goňşuçylygy, ynamy we durnukly ösüşi dabaralandyrmak ugrundaky yzygiderli diplomatiýasynyň aýdyň subutnamasydyr. Resminamanyň BMG-niň çäklerinde kabul edilmegi Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artýandygyny görkezýär.

Konsepsiýada Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň esasy ugurlary kesgitlenip, olaryň hatarynda syýasy-diplomatik gepleşikleri täze derejä çykarmak, söwda-ykdysady we energetika gatnaşyklaryny, üstaşyr-ulag düzümlerini ösdürmek, şeýle-de medeni-ynsanperwer alyş-çalşy giňeltmek wezipeleri öňe sürülýär.

Şeýle hem resminamada dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek, öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny döwrebaplaşdyrmak baradaky meselelere aýratyn orun berilýär. Konsepsiýa Durnukly ösüş maksataryna ýetmek ugrunda GDA bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegi göz öňünde tutýar.


Yza

Şeýle hem okaň