Aşgabat şäherindäki «Olimpiýa» myhmanhanasynda ýurdumyzyň döwlet we hususy kärhanalarynyň, BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň, halkara guramalaryň, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň hem-de iri kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda 24-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» maslahatynyň plenar mejlisi geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
«Durnukly, «akylly» we dünýä bilen baglanyşykly paýtagty kemala getirmek» diýlip atlandyrylan bu mejlisde Aşgabady uzak möhletleýin esasda ösdürmegiň geljegi uly ugurlaryna seredildi. Çykyş edenler paýtagtymyzyň şanly 145 ýyllyk baýramy bilen gutlap, Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmeginiň, şeýle hem Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasynyň agzalygyna kabul edilmeginiň halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygyny görkezýändigini bellediler.
Häzirki wagtda şäher gurluşygy ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. «Aziýanyň merjen şäheri» diýlip ykrar edilen paýtagtymyzyň durmuş düzümi yzygiderli kämilleşdirilýär, onuň binagärlik keşbi döwrebap binalar we desgalar bilen baýlaşdyrylýar. Şu ýylda hem şäherimizde dürli maksatly desgalaryň we ýaşaýyş toplumlarynyň birnäçesini ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Bu gurluşyklaryň agramly böleginiň ýerli kärhanalar tarapyndan amala aşyrylmagy Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Gurulýan binalarda döwrebap sanly ulgamlary we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlendi. Maslahatda Aşgabadyň durnukly, ýaşaýyş üçin amatly şäher hökmünde halkara hyzmatdaşlyga we maýa goýumlara hemişe açykdygy aýratyn nygtaldy.
Halkara çäräniň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurtlaryň öňdebaryjy gurluşyk we önümçilik kompaniýalarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary guraldy. Bu duşuşyklarda taraplar gyzyklanma bildirilýän ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň giň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Maslahatyň ikinji gününde bolsa «akylly» şäherleri, senagat we gurluşyk toplumlaryny ösdürmek, geljegiň şäherleri üçin öňdebaryjy energetika hem-de sanly ulgamlar baradaky ýöriteleşdirilen mejlisler dowam etdi. «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergi we maslahat Aşgabat şäheriniň gününde öz işini jemledi.