Nýu-Ýork şäherinde geçirilen Ählumumy dolandyryş boýunça Dostlar toparynyň ýokary derejeli duşuşygynda Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin tarapyndan öňe sürlen Ählumumy dolandyryş başlangyjyny resmi taýdan goldaýandygyny yglan etdi. Duşuşykda çykyş eden Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy ýurdumyzyň bu Dostlar toparyna goşulmagyna we hyzmatdaşlygyna agzalan ählumumy başlangyjy BMG-niň çäklerinde üstünlikli ilerletmek üçin iň netijeli halkara meýdança hökmünde garaýandygyny aýratyn nygtady. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Halkara giňişlikde ykrar edilen bu strategiýany durmuşa geçirmek we ählumumy dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistan öz tarapyndan dört sany anyk we amaly teklipler toplumyny öňe sürdi. Ýurdumyzyň birinji başlangyjy dünýädäki jedelleriň we krizisleriň irki döwürde öňüni almak maksady bilen, täze we döwrebap Köptaraplaýyn öňüni alyş dolandyryş platformasyny döretmekden ybaratdyr.
Ikinji möhüm ugur hökmünde halkara-hukuk binýadyny has-da berkidip, global özgertmeler şertlerinde kanunyň ornuny ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistan BMG-niň çäklerinde 2028-nji ýyly "Halkara hukugyň ýyly" diýip yglan etmek başlangyjyny işjeň öňe sürýär. Üçünji we dördünji teklipler bolsa sanly ulgamda maglumatlaryň ygtybarlylygynyň umumy ýörelgelerini hem-de bilelikde barlamak mehanizmlerini ornaşdyrmaga, şeýle hem dünýä wehimlerini diňe özara ynanyşmak we inklýuziwlik esasynda çözmäge gönükdirilendir.