Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdyň halkyny we çagalaryny Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem jemgyýetçilik durmuşymyzda mynasyp orun alan bu halkara sene mynasybetli Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Gökderede, welaýat merkezlerinde, şäherdir obalarda aýdym-sazly çäreler giňden guralýar. Durmuşymyzyň gülleri bolan mähriban çagalarymyzyň berkarar döwletimizi, agzybir halkymyzy, ajaýyp zamanamyzy, dostlugy we parahatçylygy wasp edýän şirin aýdym-sazlary, şadyýan çaga gülküleriniň belentden ýaňlanmagy bagtyýar çagalygyň Diýary hökmünde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň at-abraýyny dünýä ýaýýar» diýip, Döwlet Baştutanymyz belläp geçdi.
«Ýurdumyzda çagalar aýratyn üns we gyzgyn mähir bilen gurşalyp alynýar. Sebäbi berkarar Watanymyzyň geljegi hem-de dowamatymyz bolan ýaş nesillerimiz hakynda hemmetaraplaýyn alada etmek biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz döwletimizde çagalaryň hukuklaryny we azatlyklaryny berk goraýarys. Olaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerine, maşgala gymmatlyklaryna eýerip, zehininiň, ukyp-başarnyklarynyň ösmegi, dünýägaraýşynyň kämilleşmegi, bagtly durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döredýäris. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, sebitlerimizde dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýän, ähli amatlyklary bolan çagalar baglarydyr orta mekdepleri, dynç alyş merkezlerini we seýilgähleri yzygiderli gurýarys» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň halkyna we çagalaryna berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş arzuw etdi.