Türkmenistanda 15 halyçy «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly adyny aldylar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 30-njy maýda ýurdyň 15 halyçysyna «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Hormatly at halyçylaryň milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň buýsanjy bolan türkmen halylarynyň taýsyz gözelligini we nepisligini äleme ýaýmakda, hala çeper nagyşlary salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dakyldy.


Yza

Şeýle hem okaň