Aşgabat şäherindäki «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan festiwal geçirildi. Çäräni Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy gurady. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Çäräniň açylyşynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlendi. Ol ýygnananlary Ýewropa güni bilen gutlap, bu senäniň ähmiýeti barada gürrüň berdi we Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygynyň möhümdigini nygtady.
Baýramçylygyň esasy bölümleriniň biri hökmünde sergi meýdançasy guraldy. Bu ýerde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda amala aşyrýan taslamalary we maksatnamalary bilen tanyşdyryldy. Tematiki diwarlyklarda myhmanlar durmuşa geçirilýän başlangyçlar bilen tanşyp, maglumat materiallaryny we ýadygärlik sowgatlaryny aldylar. Şeýle-de olar dürli sowal-jogap bäsleşiklerine hem-de interaktiw oýunlara gatnaşdylar.