Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 4-nji iýunda ýurdumyza sapar bilen gelen Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň uly goşandyny nygtadylar. Bu geňeş iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm orny eýeläp, haryt dolanyşygyny, maýa goýum taslamalarynyň möçberini artdyrmakda, hususy ulgamy we döwlet edaralarynyň hyzmatdaşlygyny berkitmekde netijeli gural hökmünde çykyş edýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistan bilen ABŞ-nyň işewür düzümleriniň arasynda geljegi uly ugurlar boýunça gatnaşyklaryň ösdürilýändigini we hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny kanagatlanma bilen belläp, işewür düzümleriň arasynda yzygiderli duşuşyklary guramagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň amerikan kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini goldaýandygyny we olaryň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.
Işewür bildirilýän ynam üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmaga, bilelikdäki täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy.