Aşgabatda ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň maslahaty "tegelek stol" görnüşinde guraldy. Bu möhüm çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de Geňeşiň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygyndaky amerikan kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň döwrebap tehnologiýalary hem-de dünýä tejribesini ornaşdyrmak üçin halkara hyzmatdaşlyga hemişe açykdygy bellenildi. Şeýle hem ýurtda daşary ýurtly maýadarlar üçin döredilen amatly hukuk we guramaçylyk şertleri aýratyn nygtaldy. Amerikan işewürleri bolsa öz gezeginde türkmen bazaryndaky orunlaryny berkitmäge we döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny tassykladylar. Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň ABŞ-na amala aşyran saparlarynyň gatnaşyklary täze derejä ýetirendigi aýratyn bellenip geçildi.
Taraplar uzak möhletleýin ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň eýeleýän ornuna ýokary baha berdiler. Guralýan yzygiderli forumlar, sergiler we duşuşyklar döwlet hem-de hususy pudaklaryň ýakynlaşmagyna uly ýardam edýär. Bilelikdäki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda senagat, oba we suw hojalygy, ýangyç-energetika toplumy, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk, innowasiýalar, kiberhowpsuzlyk, saglygy goraýyş we ekologiýa ýaly möhüm ulgamlar görkezildi.
Maslahata gatnaşyjylar söwda we maýa goýum pudaklarynda özara haryt dolanyşygyny artdyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşyp, geljekki anyk meýilnamalary kesgitlediler. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň maý aýynda açylan täze Türkmen-amerikan işewürlik hyzmatdaşlygy birleşiginiň (TABCA) ähmiýetine üns çekildi. Bu täze platformanyň öňden bar bolan ulgamlaryň üstüni ýetirip, ykdysady gatnaşyklary has-da utgaşdyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirildi.
Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary ABŞ-nyň işewür toparynyň wekilleri bilen aýry-aýrylykda ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Maslahata gatnaşanlar soňky döwürde täze ösüşe eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekde hem üstünlikli dowam etdiriljekdigini bellediler.