Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow 4-nji iýunda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ilkinji bäş aýynda bitiren işleriniň netijeleri jemlendi. Şeýle-de ýurtda durnuklylygy saklamak, asudalygy üpjün etmek we harby düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bilen bagly anyk meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Begenç Gündogdyýew ýanwar — maý aýlarynda Milli goşuny ösdürmek boýunça ýerine ýetirilen wezipeler, esgerleriň gulluk şertlerini gowulandyrmak we harby gulluga nobatdaky çagyryşyň guralyşy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, goşun bölümlerinde harby düzgün-nyzamy berk saklamagyň, ýaş esgerleri watançylyk ruhunda terbiýelemegiň we harby gullukçylaryň durmuş üpjünçiligini hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigini belledi.

Baş prokuror Begmurat Muhamedow kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik we işgärleriň hünärini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barlan çäreler barada habar berdi. Ýurt Baştutanymyz prokuratura edaralaryna hukuk düzgün-tertibini berkitmek we düzgün bozulmalaryň öňüni almak boýunça anyk tabşyryklary berdi. Ýokary kazyýetiň başlygy Begenç Hojamgulyýew hem kazyýet ulgamyna öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmak barada hasabat berdi. Resmi çäräniň dowamynda Prezident kazyýetleriň kazylaryny wezipä bellemek we boşatmak baradaky resminama gol çekdi.

Içeri işler ministri Muhammet Hydyrow ýol hereketiniň hem-de ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilişi, düzgün bozulmalaryň öňüni almak we täze açylan binalar barada hasabat berdi. Belent Serkerdebaşymyz ýollarda we jemgyýetçilik ýerlerinde tertiplerin berjaý edilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Şeýle hem Milli howpsuzlyk ministri Döwletgeldi Meredow ýurtda abadançylygy gorap saklamak hem-de sanly ulgamy ornaşdyrmak ugrunda bitirilen işler barada hasabat berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ilaman Ilamanow mukaddes serhetleriň ygtybarly goralmagy we serhetçileriň ýaşaýyş şertleriniň ýokarlandyrylyşy barada durup geçdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň serhetleriniň dost-doganlyk serhetleridigini aýratyn nygtap, serhet goşunlarynyň kuwwatyny artdyrmagy tabşyrdy. Adalat ministri Merettagan Taganow bolsa hasabat döwründe milli kanunçylyk binýadyny häzirki zamanyň we halkara hukugyň talaplaryna laýyk getirmek boýunça amala aşyrylan çäreler barada maglumat berdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýkulyýew gümrük nokatlaryna täze tehnologiýalary ornaşdyrmak we gözegçilik işleri barada, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Amanmuhammet Sazakow bolsa migrasiýa hyzmatlaryny döwrebaplaşdyrmak ugrunda bitirilen işler barada hasabat berdiler. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy gümrük we migrasiýa gulluklarynyň işini kämilleşdirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Mejlisiň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, ýurduň howpsuzlygyny, çäk bitewüligini goramak hem-de Watan goragçylarynyň durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça işleriň yzygiderli dowam etdiriljekdigini nygtady. Geňeşde başga-da birnäçe möhüm meselelere garalyp, degişli çözgütler kabul edildi.


Yza

Şeýle hem okaň