Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümi, 2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda Kaka şäheriniň Rowaçlyk köçesiniň 2-nji jaýynda
ýerleşýän Kaka etrabynyň zähmet
we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň edara binasynda sagat 09:00-dan – 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň
hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan
resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan
resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň
salgysy:
Kaka şäheriniň Rowaçlyk köçesiniň 2-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin:
(80013331-7-38.