Brýusseliň Egmont köşgünde Belgiýa Patyşalygynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Maksim Prewonyň Merkezi Aziýa döwletleriniň we Mongoliýanyň ilçileri bilen duşuşygy boldy. Bu duşuşyk Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanowyň başlangyjy boýunça, türkmen ilçihanasynyň we Belgiýanyň DIM-iniň bilelikdäki tagallalary netijesinde guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Maksim Prewo sebitiň ýokary ykdysady ösüşini we demografik mümkinçiliklerini aýratyn belläp, Belgiýanyň Merkezi Aziýa ýurtlaryna we Mongoliýa möhüm hem-de geljegi uly hyzmatdaşlar hökmünde garaýandygyny nygtady.
Türkmenistanyň ilçisi öz çykyşynda sebiti Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky dinamiki baglanyşyk giňişligi hökmünde tanyşdyrdy. Onuň sözlerine görä, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň jemi içerki önümi (JIÖ) 500 milliard amerikan dollaryndan geçdi, sebitara söwda soňky bäş ýylda tas iki esse artyp, 2025-nji ýylda 12,3 milliard amerikan dollaryna ýetdi. Alty döwletiň — Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň we Mongoliýanyň ilaty bolsa, takmynan, 86 million adama deň bolup, olaryň ýarysyndan gowragy 30 ýaşdan kiçidir.
Ulag ulgamy barada durup geçmek bilen, ilçi Hazarüsti halkara ulag ugrunyň (Orta geçelge) ösüşine we Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerine ünsi çekip, Antwerpen-Brýugge portunyň Hazarüsti geçelgäniň tebigy günbatar hyzmatdaşy bolup durýandygyny belledi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar gepleşikleri hem sebit, hem-de ikitaraplaýyn derejede ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.