Türkmenistanyň Prezidenti islandiýaly kärdeşine gutlag hatyny iberdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Islandiýa Respublikasynyň Prezidenti Halla Tomasdottire Islandiýanyň milli baýramy — Respublikanyň jar edilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Halla Tomasdottire tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Islandiýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.


Yza

Şeýle hem okaň