Türkmenistan we Hytaý parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Mejlisinde 17-nji iýunda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Szi Şumin bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň giň mümkinçiliklerini seljerdiler. Bu barada Türkmenistanyň kanun çykaryjy edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Gepleşikleriň barşynda iki döwletiň Baştutanlarynyň alyp barýan syýasaty netijesinde, türkmen-hytaý dostlukly gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda, aýratyn hem parlamentara ulgamda ýokary derejede ösýändigi bellenilip geçildi. Duşuşykda milli parlamentleriň özara hyzmatdaşlygynyň täze many-mazmuna eýe bolýandygy we bilelikdäki strategik taslamalary kanunçylyk taýdan goldamakda esasy gural bolup hyzmat edýändigi aýratyn nygtaldy.

Şeýle hem taraplar HHR-iň Halk wekilleriniň Ählihytaý Ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan guraljak täze taslama barada pikir alyşdylar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentarileri üçin niýetlenen bu okuw maslahaty kanun çykaryjy edaralaryň ornuny ýokarlandyrmaga we «Hytaý — Merkezi Aziýa» formatyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdiriler.

Guraljak okuw sapaklarynyň kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmakda, özara düşünişmegi we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmakda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirildi.


Yza

Şeýle hem okaň