Türkmenistan we Yrak hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlediler

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Yrak Respublikasynyň Kirkuk şäheriniň Söwda-senagat edarasynyň başlygy S.al-Salihi bilen sanly ulgam arkaly gepleşik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň web sahypasynda habar berildi.

Taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen tarapy ýurduň dokma, azyk, ýeňil senagat hem-de deri harytlaryny Yrak bazaryna eksport etmäge taýýardygyny mälim etdi. Öz gezeginde yrakly wekiller Kirkuk şäheriniň sebitdäki strategik we senagat ähmiýetine ünsi çekip, geljekde türkmen telekeçilerinden ybarat wekilçilikli topary öz ýurtlarynda garşylamaga hem-de täze hyzmatdaşlyk platformalaryny döretmäge isleg bildirdiler.

Şeýle hem yrakly işewürler Aşgabatda guraljak «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergisine çagyryldy.


Yza

Şeýle hem okaň