Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, şeýle hem şäheriň ýaşaýjylarynyň dykgatyna!

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2026-njy ýylyň 26-njy iýunynda Çärjew etrabynyň Türkmenabat şäheriniň S.A.Niýazow köçesiniň  42-nji jaýynda ýerleşýän Çärjew etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň edara binasynda sagat 09:00-dan12:00-a çenli boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.

Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;

Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.

 

Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Türkmenabat şäheriniň S.A.Niýazow köçesiniň  42-nji jaýy.

 

Habarlaşmak üçin:

 

  (800422) 3-12-34

Okamak
Yza

Şeýle hem okaň