Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümi 2026-njy ýylyň 23-nji iýunynda Farap şäheriniň Amyderýä köçesiniň 4-nji jaýynda ýerleşýän Farap
etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň edara binasynda sagat 10:00-dan – 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň
hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan
resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan
resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň
salgysy:
Farap şäheriniň Amyderýä köçesiniň 4-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin:
(800448) 9-00-63.