Türkmenistan bilen Ukraina syýasy geňeşmeler geçirdiler

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, ukrain wekiliýetine bolsa Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko ýolbaşçylyk etdi.

Geňeşmeleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny pugtalandyrmak, şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aratyn üns berildi.

Duşuşygyň jemleri boýunça özara bähbitli ugurlaryň giň gerimi esasynda netijeli türkmen-ukrain hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge taraplaryň taýýarlygy tassyklanyldy.

Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklar boýunça Ýörite wekili Wiktor Maýko bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de dürli ulgamlarda özara hereketleri giňeltmegiň, şeýle hem halkara düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň ähmiýetini bellediler.

 


Yza

Şeýle hem okaň