Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň bäşinji güni şatlykly wakalara beslendi

Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň her bir güni şatlykly pursatlara, ähmiýetli wakalara beslenýär. Giň gerimli forumyň bäşinji güni hem milli medeniýetimiz we sungatymyz bilen baglanyşykly ähmiýetli çärelere baý boldy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazetinde habar berildi.

Türkmenbaşy etrabynyň Belek şäherçesindäki medeniýet öýünde oba medeniýet öýleriniň işini kämilleşdirmek boýunça usuly maslahat geçirildi. Munuň özi halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak, olary ylmy esasda içgin öwrenmek hem-de ilat arasynda giňden wagyz etmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Soňra Balkan welaýat kitaphanasynda Magtymguly Pyragynyň, Nurmuhammet Andalybyň, Seýitnazar Seýdiniň, Mämmetweli Keminäniň, Mollanepesiň, Zeliliniň, Annagylyç Mätäjiniň, Gurbanaly Magrupynyň döredijiliginde bedew waspyna bagyşlanan edebi duşuşyk geçirildi.

Hepdeligiň çäklerinde aýdym-sazly dabaralara giň orun berildi. Balkanabat şäherindäki Nebitçiler medeniýet köşgünde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly dabara geçirildi. Gündogaryň beýik akyldar şahyrynyň döredijiligine bagyşlanan bu çäre belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşykly dowam etdi.

Medeni forumyň bäşinji gününiň wakalary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda görkezilen “Leýli-Mejnun” operasy bilen jemlendi.


Yza

Şeýle hem okaň