Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçiligi işe girizerler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew 26-njy iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň dokma senagaty pudagynda täze önümçilikleri ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazetinde habar berildi.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrigiň çäginde dokma önümçiliginiň galyndylaryny gaýtadan işlemegiň hasabyna dürli önümleri öndürmek ugrunda zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýurdumyzda öndürilmegine we içerki bazarlary olar bilen üpjün etmäge, pudagyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, dokma senagatyny ösdürmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny, döwrebap dokma kärhanalarynda ýokary hilli önümleriň öndürilýändigini belledi hem-de Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçiligi işe girizmek boýunça teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


Yza

Şeýle hem okaň