Türkmenistan we Awstriýa bilelikdäki medeni dialogy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 30-njy iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň iki ýurduň arasynda medeni dialogy, özara düşünişmegi we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki ähmiýetini nygtadylar.

Şeýle hem, Wena balyny geçirmek ýaly bilelikdäki medeni başlangyçlaryň Türkmenistan bilen Awstriýanyň halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmakdaky möhüm orny bellenildi.


Yza

Şeýle hem okaň