Türkmen sazandalary Özbegistandaky Halkara makam sungaty bäsleşiginiň ýeňijileriniň hataryna girdi

Türkmenistanyň wekilleri 23–26-njy iýun aralygynda Özbegistanyň Namangan şäherinde geçirilen III Halkara makam sungaty forumynyň çäklerinde guralan bäsleşikde ýeňijileriň hataryna girdi. Türkmenistanyň wekilleri hormat heýkeljigi we pul baýragy bilen sylaglanyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

ÝUNESKO-nyň hem-de Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ICESCO) howandarlygynda geçirilen giň gerimli çäre dürli ýurtlardan gelen bilermenleri, sungat işgärlerini we ýerine ýetirijileri bir ýere jemledi.

Bäsleşikde Türkmenistana bagşy Serdar Baýramow, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Spartak Atakow hem-de Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Döwlet Daňatarow dagy wekilçilik etdiler.

Forumyň bäsleşik maksatnamasynyň çäklerinde türkmen sazandalary çuň manyly hem-de ýokary ussatlygy talap edýän aýdymlar bilen çykyş etdiler. Maksatnama «Jan-jan», «Arzurum», «Balsaýat» atly halk aýdymlary, şeýle-de Garajaoglanyň sözlerine döredilen «Ýar seniň» ýaly aýdymlar girizildi. Olaryň çykyşy halkara eminler topary tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy.

Forumyň konsert maksatnamasy bilen ugurdaşlykda milli saz sungatynyň žanrlaryny ösdürmegiň geljegi barada bilermenleriň maslahatlary geçirildi. Ara alyp maslahatlaşmalara Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri, dirižýor Gadam Jumagulyýew gatnaşdy. Ol makam sungaty boýunça bilermen hökmünde çykyş edip, türkmen saz sungatynyň häzirki döwürdäki aýratynlyklary we ösüş ugurlary barada giňişleýin seljerme hödürledi.


Yza

Şeýle hem okaň