Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Serhetüsti suw akymlaryny we halkara köllerini goramak hem-de peýdalanmak boýunça Konwensiýasynyň güýje girmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan gibrid görnüşindäki pudagara maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.
Duşuşyga agyz suw üpjünçiligi, suwaryş ekerançylygy, lagym suwlaryny arassalamak, tebigy suw ekoulgamlaryny goramak we gidrotehniki desgalary ulanmak bilen bagly degişli edaralaryň hem-de guramalaryň hünärmenleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň esasy maksady Türkmenistanda toplumlaýyn suw serişdelerini dolandyrmakda pudagara çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Suwaryş ulgamyny ösdürmek, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak we suw hojalyk toplumyny dolandyrmaga häzirki zaman çemeleşmelerini ornaşdyrmak boýunça amaly maslahatlara aýratyn üns berildi.
Gatnaşyjylar sebitara özara hereket, suw ulgamyny sanlylaşdyrmak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak meseleleri boýunça pikir alyşdylar.