Hormatly telekeçiler! Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji maddasyna laýyklykda pensiýa gatançlaryny töleýji hökmünde öz ýerleşýän ýeriňizdäki pensiýa gaznasynyň edarasynda hasaba durmagyňyzy hem-de 23-nji maddasyna laýyklykda 2026-njy ýylyň I ýarym ýyly üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygyny ýatladyp, şu ýylyň 1-nji iýulyndan 15-nji awgusty aralygynda pensiýa gatançlarynyň tölenilmegini haýyş edýär.