Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

“Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini yglan etmäge ýurdumyzda giňden taýýarlyk görülýär. Bu bäsleşigiň esasy maksady programma üpjünçiligini işläp düzýän, täzeçil innowasiýalar we oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew 3-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bu ugurda alnyp barylýan taýýarlyk işler barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Şu ýyl guraljak bäsleşik emeli aň, robototehnika, sanly lukmançylyk, elektron okuw, “akylly” şäher hem-de “akylly” oba hojalyk tehnologiýalary ýaly iň döwrebap ugurlary öz içine alar. Ýaşlaryň hödürlän innowasion taslamalarynyň netijeleri bolsa “Türkmentel — 2026” atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň dowamynda jemlener. Ýaryşda öňe saýlanan taslamalary milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda we sanly ulgama geçmek işlerinde iş ýüzünde ulanmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer degişli teklibi döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly guralan nobatdaky mejlisde hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge uly üns berilýändigini we ýaşlaryň bu ugurdaky bäsleşiklere işjeň gatnaşýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz «Sanly çözgüt — 2026» bäsleşigini yglan etmek baradaky teklibi makullady we wise-premýere bu çäräni ýokary derejede guramagy tabşyrdy.


Yza

Şeýle hem okaň