Türkmenistan we Hytaý partiýalaryň özara strategik dialogyny täze tapgyra çykarýar

Aşgabatda Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň (HKP) döredilmeginiň 105 ýyllygy mynasybetli dabaraly forum geçirildi. Çärä ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, şeýle hem Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Maslahatda çykyş eden Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Merkezi komitetiniň başlygy Ata Serdarow partiýalaryň özara we döwletara gatnaşyklaryň strategik hem-de ynanyşmak häsiýetini aýratyn belledi. Ol taraplaryň ýyl-ýyldan özara düşünişmek we dowamly tejribe alyşmak esasynda hyzmatdaşlygy berkidýändiklerini nygtady.

Häzirki wagtda iki ýurduň syýasy partiýalarynyň arasyndaky dialog döwlet Baştutanlarynyň syýasy erkine daýanyp, iş duşuşyklary we onlaýn maslahatlar arkaly yzygiderli ösdürilýär. Ata Serdarow Hytaýyň Türkmenistan üçin esasy strategik hyzmatdaşdygyny we Aşgabat bilen Pekiniň arasyndaky gepleşikleriň deňhukuklylygyň nusgasydygyny belledi.

Şu ýylyň aprel ayynda HHR-nyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Türkmenistana amala aşyran sapary syýasy gatnaşyklaryň ýokary derejedediginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Bu saparyň çäginde geçirilen gepleşikler iki döwletiň düýpli bähbitlerine doly laýyk gelip, hyzmatdaşlygy täze tapgyra çykardy.

Çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ýolbaşçysy hytaýly kärdeşlerini şanly 105 ýyllyk baýramy bilen gutlap, dostlukly ýurduň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, hytaý halkyna bolsa abadançylyk arzuw etdi.


Yza

Şeýle hem okaň