Türkmenistanda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna gabatlap, Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi. Degişli Karara Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Resminama laýyklykda, mejlisi dabaraly ýagdaýda we ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlamak hem-de geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümi tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyna Mejlisiň işjeň gatnaşmagynda çärä taýýarlyk görülmegini üpjün etmekde welaýat, etrap we şäher halk maslahatlaryna guramaçylyk-usulyýet kömegini bermek hem-de bu ugurdaky işleri utgaşdyrmak tabşyryldy.